Durmuş ýörelgesi

25 Iýul 2024
125

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan çagalar aýratyn alada we goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzda çagalary diňe bir milli ruhy gymmatlyklar bilen däl-de, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak boýunça durmuşa geçirýän işleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmaga we ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Çagalaryň hukuk goragyny üpjün etmegiň dürli ugurlary bolup, olary amala aşyrmak kanunçylygyň dürli pudaklarynyň kömegi bilen gazanylýar. Olaryň iň esasysy Türkmenistanyň Konstitusiýasydyr.

Şirnazar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Boldumsaz etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.