Ýaşlaryň şu günki yhlasy — geljegimiziň bagty

25 Iýul 2024
126

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary esasynda ýaşlarymyza, ýurdumyzyň we dünýäniň iň kämil ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenmekleri üçin giňden açylýan mümkinçilikler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ideologiýamyzyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen  2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda rejelenen görnüşde  kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Diýarymyzda bilim gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny has kämilleşdirdi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň sanly tehnologiýalar eýýamynyň talaplaryna mynasyp hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin hukuk binýadyny döretdi.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.