Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy-nyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

25 Iýul 2024
99

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurduň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriniň Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamy-ny we doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.