Rowaç işler rowana

24 Iýul 2024
107

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdiler. Çykyşlarda integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary düzgünleşdirmek bilen bagly görülýän çäreler, suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmegiň guramaçylyk meseleleri, ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamany taýýarlamak meselesi barada aýdyldy.

«Arkadag».