Geljegimiz geljeginiň bosagasynda

24 Iýul 2024
249

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärleriň resmi iş kagyzlaryny kabul etmek işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Belläp geçsek, dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 15 — 28-nji iýul aralygynda kabul edilýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär» diýip belleýär. Ýeri gelende bellesek, tamamlanan okuw ýylynda Arkadag şäheri boýunça ýaşlaryň 100-e golaýy orta mekdepleriň uçurymy boldy. Häzirki wagtda ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýörite iş toparlary hereket edip, dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edilýär.

(Ýörite habarçymyz).