Nesiller — röwşen geljegimiz

24 Iýul 2024
359

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Karary esasynda, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bakalawr we magistr maksatnamalary esasynda, ýaşlaryň jemi 16 müňe golaýyny okuwa kabul eder.Her ýylda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany yzygiderli artdyrylýar, täze hünär ugurlary açylýar. Täze okuw ýylynda hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy; Türkmen döwlet medeniýet institutynda magistr maksatnamasy boýunça medeniýeti öwreniş hünärleri açylýar. Şeýlelikde, ýaşlarymyzyň köpsanlysy ýokary bilim alyp, ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda yhlasly okarlar, öwrenerler.

Goý, eziz Watanymyzyň şöhratly ösüşini, ýagty geljegini ýaş nesillerde görýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Merjen ALLAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.