Däp-dessura dowamat, geňeşli il — salamat

24 Iýul 2024
125

Ile sarpa, halka hormat milletleriň ählisine-de mahsusdyr welin, «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Il agzy — keramat» diýip, bu synmajak ýörelgäni ömrüň gymmatyna deňän türkmen halkynda has-da aňyrdan. Toý tutmazyndan öňinçä il-güni ýygnap, sala salyp, geňeş toýuny tutýan halkymyzyň bu ajaýyp dessury indi ençeme ýyl bäri döwlet derejesinde dabaralanyp, ýurdy ösdürmekde, halkyň agzybirligini berkitmekde, öňde goýlan beýik maksatlary göwnejaý amala aşyrmakda öz mynasyp ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunlukda her ýyl ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny tabşyrmagy bilen, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi we oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Häzirki wagtda kalplarda buýsançly seslenme döreden halk bähbitli, ýurt ähmiýetli bu waka mynasybetli welaýatlarymyzda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar.

Dünýäniň ösen döwletleriniň haýsysynyň ösüş ýoluny öwrenseň hem şeýle ösüşiň açary — agzybirlikde. Bu diňe ýurt babatynda däl, eýsem, her biri kiçijik döwlet hasap edilýän maşgalalara nazar aýlanyňda hem şonlugyna galýar. Haýsy maşgala depseň deprenmez rysgal-döwlete ýetip, at-abraýy il içine ýaýran bolsa, onuň aňyrsynda bir başa seretmek, bir agza bakmak ýörelgesi, ýagny agzybirlik durandyr. Agzybirligiň ýeňip bolmaýan güýçdügini sagdagyndaky oklaryň üsti bilen düşündiren Oguz han Türkmeniň nesli hem bu gün agzybirlik bilen bir başa uýup, ösüşiň belentliklerinden belentliklerine sary öňe barýar. Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyzlygy, asuda durmuşyň kepili bolan hemişelik Bitaraplygy bolsa bu mertebeli menzillerde goşa ganat deýin güýjümize güýç, kuwwatymyza kuwwat goşýar.

«Esger».