Raýat goranyşy geljegi nazarlaýar

24 Iýul 2024
243

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Kuwwatly döwletimiz hormatly Prezidentimiziň amal edýän beýik işleriniň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar.

Ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Olaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlary, durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Geljegiň akylly şäheri bolan Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň we naýbaşylarynyň biridir. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen dünýäni aňk edýär. Gurulýan täze binalaryň we desgalaryň uzak ömürli hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajypdyr.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.