Kitap — ynsanyýetiň kalp baýlygy

24 Iýul 2024
227

Taryhymyza nazar aýlasak, türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä taryhyna ýazylan ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym-bilim, medeniýet we sungat sallançagyna öwrüldi. Alymlar biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl öň türkmenleriň ata-babalarynyň öňdebaryjy bilimleri özleşdirendigini nygtaýarlar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan dünýä taryhynyň ösüşinde öňdäki hatarlarda goýulýar. Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrypdyr.

Medeni miras — bu gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakydasydyr, şu gününe we ertirine bolan ygtybarly ynamydyr. Pederlerimizden miras galan baýlyklarymyzyň biri hem kitapdyr. Çünki kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr, genji-hazynadyr. Adamlar kitap okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylym baýlykdan haýyrlydyr. Halkymyz kitaba uly gadyr-gymmat goýýar.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.