Bilim binýady berkidilýär

24 Iýul 2024
266

Ýurduň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak bilim ulgamynyň hukuk esasynyň kämilligine we berkligine baglydyr. Çünki bilim ulgamyna degişli kanunlary kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidilen raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi bilim ulgamynyň ösdürilmegine giň mümkinçilik berýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek babatynda zerur işleriň amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Bilim babatynda kabul edilen kanunlar, düzgünnamalar we maksatnamalar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly ýapyşýan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmelere laýyklykda, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, ýokary hilli okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak, ýokary tizlikli internet torunyň ähli bilim edaralarynda hereket etmegini guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ogulnur ATAÝEWA,
welaýat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.