Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23 Iýul 2024
63

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.