Bilim — üstünlikleriň açary

24 Iýul 2024
306

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap binalarynyň gurulmagy, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, ýokary aň-düşünjeli, bilimli nesliň kemala gelmegi ugrunda giň şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň ösüşiň täze derejelerine çykmagynda ähmiýetli bolup durýar. Bu ugurdaky tagallalar netijesinde berkarar Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary bilimleri çuňňur özleşdirmek arkaly halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, zehin-başarnyklaryny görkezýärler, ýurdumyzyň halkara ders bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilýän merkezi hökmündäki abraýy barha pugtalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylan maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Hökümetiň şu ýylyň geçen alty aýynyň netijelerine bagyşlanan şol mejlisinde bellenilişi ýaly, okuwçy-talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde jemi 156 altyn, 242 kümüş we 339 bürünç medallary gazandylar. Ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” tassyklanmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerini has-da begendirýär. Biz — bilim işgärleri ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerden, gazanylýan üstünliklerden ruhlanyp, täze 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlykly barýarys. Bu ugurdaky taýýarlyk işleriniň çäginde bilim işgärleriniň awgust maslahatyny guramaçylykly garşylamak we geçirmek, 1-nji synpa gadam basjak 6 ýaşly çagalary hasaba almak işlerini utgaşykly alyp barýarys. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, öňdäki okuw ýylynda hem 1-nji synpa kabul ediljek çagalara hormatly Prezidentimiziň noutbuk kompýuterleriniň sowgat ediljekdigi şatlygymyzy goşalandyrýar. Bilim ulgamyna berýän aýratyn üns-aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Öwezdurdy HOMMADOW,
Tejen etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň müdiri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.