Diller — dostlugyň açary

24 Iýul 2024
260

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki dil daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda aragatnaşygyň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dürli ugurlarda barha giňeldilýän we ösdürilýän özara gatnaşyklary ýaş nesle dünýä dillerini öwretmegi has-da kämilleşdirmegi, onuň döwrebap usulyýetlerini özleşdirmegi talap edýär.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmegini gazanmak bilim ulgamynda esasy wezipeleriň biri bolup, ol, esasan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň paýyna düşýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň dil bilimini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, biz, mugallymlar, talyplaryň dil taýýarlygy, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, erkin gürläp bilmegi ugrunda çalyşýarys. Sözleýiş dilini ösdürmekde sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanýarys.

Aýsoltan GURBANBAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.