Gyzyl kitaba girizilen çomuçlar

24 Iýul 2024
279

Çomuç derman, tehniki çig mal we iým serişdesi hökmünde gymmatly ösümlikdir. Onuň kökünde 20 — 30 göterime çenli sakyz saklanýar. Çomujyň ýagy, şepbigi senagatyň dürli pudaklarynda hem-de lukmançylykda ulanmak üçin himiki maddalary almakda peýdalanylýar. Biologik işjeň maddalar ösümligiň kökünde hem-de baldagynda saklanýar.

Ysly we täjik çomuçlary (Ferula foetida, F.tadshikorum) — saýawanlylar maşgalasyna degişli bolan, boýy 100 — 150 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümliklerdir. Olar aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý — iýul aralygynda miweleýär. Ysly çomuç Üstýurtda, Üňüzaňyrsy we Günorta-Gündogar Garagumda duşýar. Täjik çomujy Köýtendagda, esasan, Hojaýpil hem-de Hojagarawul döwlet tebigy çäkli goraghanalarynyň çäklerinde, Gowurdak pes daglyklarynda ýaýrandyr. Bu ösümlikler ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüşler hasaplanýar. Sebäbi gadymdan bäri ýerli ilat olary ir bahardan, tä tomsuň ortasyna çenli iýmitlik, dermanlyk, dürli milli tagamlara ýakymly ys beriji serişde hökmünde peýdalanýarlar. Ýerli ilat tarapyndan, esasan, iýmitlik üçin çomujyň ýerden ýaňy gögerip çykan, ýapraklanmadyk sütünini tä miweleýänçä, köküniň ýokarky bölegi bilen bilelikde peýdalanylýar. Soňky ýyllarda toşap gaýnatmak üçin ýokarky bölegini ýygnaýarlar we ýaz-tomus aýlarynda köküniň ýokarky bölegini kesip, onuň sakyzyny hem alýarlar. Çomujyň baldagy kesilenden soňra, ol ösüşini dowam etmeýär, sebäbi bu otjumak ösümlik diňe tohumlary arkaly köpelýär. Tohumlary bolsa ýeke-täk gül göteriji baldagynda ýerleşýär. Onuň tebigy ösýän ýerlerinde köküni köwlemek gadagandyr.

Pirli KELJÄÝEW,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.