Agzybir halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda

23 Iýul 2024
136

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň senagat, serişde, zähmet, ruhy we intellektual mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa üstünliklere beslenýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyň subut etdi.

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

«Ahal durmuşy».