Döwletliligiň kämil nusgasy

23 Iýul 2024
569

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir başlangyç, agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar. Geçilen menzillere ser salyp, öňde belent wezipeleri kesgitläp, bedew batly ösüşlere ýetmek indi ata Watanymyzda asylly ýörelgä öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Hekimberdi ÖWEZOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.