Agzybirligiň, jebisligiň aýdyň beýany

23 Iýul 2024
351

Eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär, milli demokratik ýörelgeler mynasyp ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli ýörelgesi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli ýörelgelerini döwrebap derejede ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyza guwanyp, döredijilikli zähmet çekmek bagtdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletli işleriň gözbaşy bolup durýar, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, ajaýyp şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny üpjün edýär. Bu döwletli işler ähli ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Munuň özi wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Hudaýnazar DURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.