Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

23 Iýul 2024
135

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň sport ulgamynyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Täze taryhy döwürde ykbalyny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejedäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde türkmen türgenlerine dünýäniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga we öz sport ussatlyklaryny görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bu günki gün şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyna gatnaşyjylar.