Öňde möhüm wezipeler

22 Iýul 2024
153

20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda edilen çykyşlarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda öňde boljak möhüm çärä taýýarlyk işleri, oňa hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy. Şunda ilat arasynda döwletimiziň durmuşynda wajyp orun eýeleýän bu umumymilli forumyň ähmiýetini düşündirmegiň zerurdygy bellenildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

«Watan».