Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22 Iýul 2024
75

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.