Ählumumy parahatçylygyň bähbidine

17 Iýul 2024
130

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarynyň geriminiň giňelmeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Golaýda Gazagystanyň paýtagty Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 24-nji liderler sammiti geçirildi. Döwletleriň 16-synyň gatnaşmagynda geçirilen bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada çuň mazmunly çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitindäki çykyşynda: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip nygtamagy milli diplomatiýamyzyň özeninde ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.