Berkarar döwletimiziň bedew bady

17 Iýul 2024
140

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär» diýip belleýär. Şol maksat bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýyl bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp, hasyl ussatlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bular barada şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler amala aşyryldy, köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

«Esger».