Rowaçlygy hem bagtyýarlygy üpjün edýän beýik işler

17 Iýul 2024
147

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, ýurdumyz ösüşleriň, rowaçlyklaryň ak ýoly bilen öňe barýar. Muňa 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem aýdyň göz ýetirmek boldy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşylan, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenilen mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy her bir türkmenistanlyny buýsandyran, guwandyran waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

«Balkan».