Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

8 Iýul 2024
160

6-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.