Älem giňişliginde köňül buýsanjymyz

7 Iýul 2024
325

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we halk bähbitli beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolýandygyny soňky günlerde bolup geçýän guwandyryjy wakalar ýene bir gezek aýdyň subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde gurlup ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň belent derejede geçirilen gününde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bu şähere bolan çuňňur buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki parlak ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy. Bu hoş habar halkymyzy çäksiz begendirdi.

Atajan BURYNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.