Milli terbiýe — asylly ýörelge

7 Iýul 2024
582

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüji bolmaklary hakynda alada etmek asylly ýörelgedir. Bu asylly ýörelge ynsanda ýagşylygy, birek-birege hormat goýmagy, sahawaty kemala getirýär. Nesillere ýagşylygy ündew etmek bilen bir hatarda asylly görelde görkezmek terbiýäniň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle öwüt berlende, süýji sözlülik, nakyllardan, paýhasly sözlerden peýdalanmak oňat netije berýär.

Halk pähimlerinde ýagşy görelde gören ýaşlar hakynda ençeme nakyllary görmek bolýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem «Ýagşy oguldan rehmet arygy akar» diýip, nesilleriň ýagşy gylykly, oňat häsiýetli bolup ýetişmegi hakynda beýan edipdir. Esasan hem, ýagşy häsiýetler ene dilimizde aýdylýan pähimlerden gözbaş alýar. Bu pähimlere we atalar sözlerine oňat düşünmek üçin ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmek gerek. Şoňa görä-de, nesillerde ene dilimize bolan buýsanjy terbiýelemek, nakyllary we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklaryny öwretmek örän möhümdir. Munuň özi olarda il-güne söýgini, geçmiş mirasymyza bolan belent sarpany kemala getirer.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.