Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

5 Iýul 2024
256

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew, baş prokuror B.Muhamedow, içeri işler ministri M.Hydyrow, Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, düzümlerde işleri talabalaýyk guramak üçin görlen çäreler barada hasabat berdiler. Hasabatlarda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hem aýdyldy.

«Watan».