SUW ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

4 Iýul 2024
894

Ata Watanymyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ekologiýa syýasaty babatynda alnyp barylýan işler syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ajaýyp işler diňe bir türkmen halkynyň bähbidine däl-de, eýsem, bütin adamzadyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary öňe sürüp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Baýramgözel MYRADOWA
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň agzasy.