Türkmenistan — halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň daýanjy

3 Iýul 2024
243

Ösüşiň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan we okgunly ösýän Merkezi Aziýa sebitine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bolsa bu sebitde möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iýunynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan ýene bir hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Munuň özi Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň ykrarnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadançylygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy — şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

«Esger».