Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi

3 Iýul 2024
338

Bilim — ynsanyň durmuş atly ýolunyň çelgisi. Ol ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen, adamzat taryhynda aýrylmaz bir gymmatlyk bolup hyzmat edip gelýär. Bilimli ynsanyň ýagty ertirleriniň boljakdygy ikuçsuz. Ýagty ertirler bolsa ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýän, ony arzuwlarydyr maksatlara sary alyp gidýän aýdyň ýoldur. Ol aýdyňlygy bilen şol ynsanyň durmuşyna özüniň gymmatly hem öçmejek şöhlesini saçýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Eýsem-de bolsa, bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Maral AHMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 63-nji orta mekdebiň müdiri.