Arkadagyň ýoly pähim-paýhasdyr

29 Iýun 2024
384

Milli Liderimiziň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda uçursyz köp işler amala aşyryldy. Ölmez-ýitmez şygyrlary bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Gündogaryň beýik danasynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň üstümizdäki ýylyň bütin dowamynda bellenilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen dabaralanýar. Bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmegi hem şanly senä nähili ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary bilen Magtymguly Pyragynyň birnäçe döwletlerde heýkelleri oturdyldy. Olaryň hatarynda şahyryň 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda açylan ilkinji heýkelini, 2009-njy ýylda Astrahandaky, 2012-nji ýylda Ankara şäherindäki heýkellerini, 2017-nji ýylda Daşkent şäherinde açylan barelýef şekilli ýadygärligini agzamak bolar. 2014-nji ýyly bolsa, şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi we «Magtymguly Pyragy» medaly döredildi. Şol ýyldan bäri hem her ýyla mynasyp at goýmak däbe öwrüldi. Ýene-de şol ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eseriniň okyjylara ýetirilmegini agzamak ýerlikli bolar. Akyldaryň adyny göterýän medeni ýadygärlikler toplumy we adybir muzeýi bolsa, 2015-nji ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda açyldy.

«Arkadag»