Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli şertleriňiz hem-de goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Ýurdumyzyň ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde Size mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.