Arkadag şäheri: şu günümiziň we geljegimiziň bagtyýarlygy

27 Iýun 2024
434

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda sebitde ilkinji «akylly» şäheriň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň toý şatlygyny artdyrdy. Bu şanly wakanyň Milli Liderimiziň doglan gününe sazlaşmagy bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyny çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we döredijilikli zähmetiniň   dabaralanmasy bolan bu ajaýyp şäheriň täsinliklerine bagyşlanylyp «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen kitabyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy bolsa hemmeleri begendirdi. Bu ajaýyp kitabyň Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly dürdäne eseri bilen bir günde halkymyza gowuşmagy  ýurdumyzda döredijiligiň we ösüşiň has belent sepgitlere ýetýändigini görkezýär.

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.