Mukaddes ýörelge

27 Iýun 2024
298

Watan her bir ynsanyň gözüniň göreji, başynyň täjidir. Watanyň at-abraýyny goramak, mertebesini belende götermek ýüreginde watançylyk duýgusy bar bolan her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

Türkmen halky, bar zatdan ozal, Watany goramagy ilkinji orunda goýupdyr. Ata-babalarymyz Watana howp abanan pursatlarynda şirin janlaryny orta goýmaga gypynç etmändirler. Alym Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp kitaplary Watany goramagyň mukaddesligini, pederlerimiziň merdanalyk ýörelgesini görelde edinmegi öwredýän kämil edebi çeşmelerdir.

Jennet MYRATBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň maglumatlary seljeriş bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.