Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

27 Iýun 2024
288

Gurbanjemal GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň maslahatçysy:

— Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri üçin gyzgalaňly möwsüm bolan galla oragy giň gerimde dowam edýär. Edermen gallaçy kärendeçilerimiziň zähmet çekip ýetişdiren ak bugdaýynyň bol hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmaga diňe bir oba hojalyk pudagynyň işgärleri däl-de, beýleki pudaklaryň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar.