Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

27 Iýun 2024
220

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan köpasyrlyk dost-doganlygyň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.