Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşygy

27 Iýun 2024
406

26-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň netijeli döwletara dialogy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.