Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

26 Iýun 2024
303

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndaky saldamly şahsy goşandy nygtaldy.