Oba hojalyk pudagyndaky möhüm wezipeler

25 Iýun 2024
272

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.