Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

24 Iýun 2024
185

22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Irden Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry “Medeniýet hepdeligi — 2024-iň” açylyşy mynasybetli dabaralaryň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we ugurdaş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri, talyplar ýygnandylar. Giň gerimli medeni çärä gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.