Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23 Iýun 2024
217

21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Sanitariýa kodekslerine, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek babatda işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.

(TDH).