Saýlawlara taýýarlykly barýarys

23 Iýun 2024
419

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz demokratik ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda demokratik ýörelgeler esasynda yzygiderli geçirilýän saýlawlar hem şaýatlyk edýär. Saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda raýatlaryň syýasy hukuklarynyň iň esasylarynyň biridir. Demokratik saýlawlar raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Başgaça aýdanyňda bolsa, saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň dabaralanmagynyň esasy guralydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidenleriniň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda saýlawlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Mahym MUHAMMETBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, Berkararlyk etrabynyň 43-nji uçastok saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary.