Mu­kad­des Baý­da­gym — buý­san­jym

21 Iýun 2024
351

Hak sylamyş topragy bolan Garaşsyz ýurdumyzda, asuda asmanyň astynda erkana pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzyň gudraty seni biygtyýar özüne bendi edýär. Parahatçylyk nuruny eçilýän ajaýyp şekili bilen her bir türkmen raýatyny özüne imrindirip duran bu Döwlet nyşanynyň durky umman ýaly many-mazmuna eýedir. Onuň keşbinde merdana türkmen halkynyň täsin ruhy dünýäsi jemlenýär. 

Taryhy ýazuw çeşmeleriniň syrly sahypalaryna ser salanymyzda, ençeme döwletleri guran merdana türkmen halkynyň gahrymançylykly ýeňişlerini dabaralandyran tuguny öz janyndan eziz görüp gorandygynyň, hormatlandygynyň şaýady bolýarsyň. Pederlerimiziň şol ruhy däp-dessurlary Garaşsyzlyk ýyllarynda hem dowamat dowam bolup, Döwlet baýdagymyzyň mertebesi belentden-belende göterilýär.

Amangeldi GANDYMOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary