Türkmenistan we Koreýa Respublikasy netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar

17 Iýun 2024
627

Geçen hepdede Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady, ulag, energetika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýalary we beýleki ençeme pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Taraplar däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

«Nebit-gaz».