Mis suw gaplary

1 Maý 2024
535

Mirasym — hazyna-genjim

Ençeme müňýyllyklary arka atan adamzat taryhy alymlar tarapyndan daş asyry, demir asyry, mis asyry, bürünç asyry ýaly döwürlere bölünendir. Adamlar ilkibaşda daşdan we agaçdan ýasalan gap-çanaklary öz hojalyklarynda ulanypdyrlar. Soň durmuşda mis we demir metallaryň özleşdirilmegi bilen, hojalykda gerek bolan dürli esbaplar ýasalypdyr. Esasanam, mis işlemäge ýeňil we çemli metal bolupdyr. Mis gazanlar, jamlar bilen bir hatarda, uzak ýerlerden suw daşamak we suw saklamak üçin niýetlenen mis suw gaplary hem durmuşda giňden peýdalanylypdyr. Bir saply, göwrümi giň, bokurdagy dar bolan mis suw gaplary uzak ýerlerden suw daşamak üçin amatly bolupdyr. Olaryň bokurdagynyň darlygy suwuň çaýkanmazlygyny üpjün edipdir. Ol suw gaplary «tüň» diýlip atlandyrylypdyr. Suw akýan ýerlerden gelin-gyzlar gollarynda we depelerinde suwdan doldurylan tüňleri göterip, öz hojalyklaryna suw daşapdyrlar.

Maksat Işantaýew,
Gyzylarbat şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.