Gadymy mirasymyza belent sarpa

30 Aprel 2024
451

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän mirasymyza belent sarpa bar. Şonuň üçin hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara şöhratly taryhymyzy wagyz etmek asylly ýörelgeleriň biridir. Şeýle asylly ýörelgelere esaslanyp geçirilýän sapaklarda we wagyz-nesihat çärelerinde halkymyzyň şöhratly taryhy barada gürrüň berýäris. Milli gymmatlyklarymyzy we şöhratly taryhymyzy wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar, beýik ösüşlere ýetilýär. Şeýle ösüşlere beslenýän döwrümizde halkymyzyň ruhuny baýlaşdyrmak, şöhratly taryhymyzy öwrenmek we wagyz etmek asylly ýörelgelerdir. Munuň özi eşretli durmuşy, sagdyn jemgyýeti kemala getirýär we röwşen geljege ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň medeni mirasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşup gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda bu barada aýdyň mysallar, taryhy maglumatlar beýan edilýär. Bu taryhy maglumatlar ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine hem, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Maýsa AGANÝAZOWA,
Hojambaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň müdiri.