Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

29 Aprel 2024
161

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda bu baýramyň gözellik we ajaýyplyk babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerine bolan çäksiz söýgini alamatlandyrýandygy bellenilýär. Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde döredilen, ajaýyp keşbi, ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz hem-de halkymyzyň köňül ganatydyr. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu şanly baýram bilen mähirli gutlaýarlar we tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)