Türkmen–german gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

25 Aprel 2024
224

Ynamly öňe barýan ata Watanymyzda geçirilýän duşuşyklar, amala aşyrylýan işler ykdysady, medeni we durmuşyň beýleki ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklary täze belentliklere çykarmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde umumadamzat bähbitli başlangyçlary  öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýan ata Watanymyzyň her bir güni halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere beslenýär. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynyň 24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşmagy hem aýdyň tassyklaýar. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň bu saparynyň türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly taslamalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigini belläp, saparyň jemleriniň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

«Adalat».