Türgenlerimiz — sport gahrymanlarymyz
Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy dünýäni begendiren şanly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijeleri üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň tälimçilerine we türgenlerine Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakylmagy ildeşlerimizde egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi.