Beýik başlangyçlaryň buýsanjy

25 Aprel 2024
234

Dünýäni, halklary ýollar birleşdirýär. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň işi hem dünýä halklaryny ýakynlaşdyrmaklyga bagyşlandy. Ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda, ýokary okuw mekdeplerinde bu halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Sebitde ulag-logistiki hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň orny» ady bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde Ulag diplomatiýasynyň orny» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahatlarda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitiniň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde Garaşsyz Diýarymyza gönükdirilýän ünsüň artmagy ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler dogrusynda gürrüň edildi. Her bir ýurduň ykdysady ösüşinde ulag ulgamynyň wajyp orny eýeleýändigi, şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan ösen içki ulag düzümini döretmegi we halkara ulag geçelgesini emele getirmegi nazarlaýan başlangyçlary öňe sürendigi baradaky pikirler maslahatlarda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Arslan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.